8 (0.0.8)
«Milli ýaka» programmasynyň nähili aýratynlyklary bar?
- Bu programma gelin-gyzlarymyzyň täzeden-täze, moda ýakalary gözläp, ýükläp almak isleglerini kanagatlandyrmak üçin niýetlenen;
- Programma her gün täze ýakalar goşulýar;
- Ýakalary mugt ýükläp alyp bolýar;
- Ýüklenen ýakalary fleşka aňsatlyk bilen geçirip bolýar;
- Ýakalary gönüden-göni fleşkanyň özüni telefona birikdirip hem ýükläp bolýar;
- Fleşka geçirilen ýakalary kompýuter tikin maşynlary aňsatlyk bilen okaýar;
- Programmadaky ýakalary Türkmenistanda iň köp ýaýran kompýuter tikin maşynlarynda ulanyp bolýar;
«Milli ýaka» programmasyny nädip ulanmaly
Ilki bilen, Play Marketden programmany ýükläp almaly. Ondan soňra katalogdan islän ýakaňy ýükläp alyp bolýar. Ýüklenen ýaka faýllary mobil telefonyň ýadynda «Download» papkanyň içinde, «Milli» atly papkada saklanýar. Şeýle hem programmada çaga ýakalarynyň, fasonlaryň, nyşanlaryň, nagyşlaryň dürli görnüşleri hödürlenýär.