Türkmen dilinde Jennet we Jähennem barada kitap
Jennet – Allanyň ahyretde müminlere dünýäde iman edip, salyh amal işländikleri üçin öz lutfundan peşgeş beren sagadat diýarynyň adydyr. Jennet arap dilinde ”jenne” kökünden ýasalan we ”örtülen, gizlenen” diýmekligi aňladýan söz bolup, göz bilen görüp bolmaýandygy üçin oňa bu at berlipdir.
Jähennem – azap ýurdy bolan oduň adydyr. Dilçileriň käbirine görä, ”Jihinnam” ýa-da ”jühünnam” hem diýilýän Jähennem ”düýbi çuň guýy” diýmegi aňladýar. Kapyrlar üçin ebedi, müminleriň käbirleri üçin bolsa wagtlaýyn azap ýurdy bolan bu ýere beýle adyň dakylmagynyň sebäbi onuň çuň çukur görnüşinde bolmagydyr.